ilteşik

ilteşik
[i:lteşik]
1) Çalaja ilişip duran, çagylyp, baglanyp duran.
∙ Süýem barmak tolkundan sypan balyk ýaly zyňlyp gitdi, başam barmagyň bolsa çala ilteşigi galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Garyndaşlyk ýa-da başga bir taýdan bolan ýakynlyk, galtaşyk.
∙ Ol käte Öweziň bolşuna gaharlanyp: -- Arman, garyndaşlyk ilteşigimiz bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Ol hem bir ýalňyşlyk bilen bolan zat, ýagsam seni tanamazdym -- diýip aýdýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Ol Tähranda mesgen tutup, özüniň köne dostlary bilen ilteşik gözlemäge başlady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)
∙ Körpe ogulda seniň ilteşigiň ýokdur. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem ilteşik - ilteşigi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»